Iýun 01, 2020 17:57 Asia/Ashgabat
  • General Baghri:Eýran duşmanyň ham hyýala düşüp etjek hatasyna berk jogaby berjekdir

Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy duşmanlaryň ýurda garşy pitne we aldaw döretmekden çekinmeýändigini aýtmak bilen Eýran, duşmanyň ham hyýala düşüp goýberjek hatasyna aýgytly jogap berer diýip nygtady.

General Muhammet Bagheri şu gün  Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysy Ymam Homeýniniň (RA) aradan çykmagynyň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda beren gürrüňlerinde ol hezretleriň wepat bolmagynyň üstünden 31 ýylyň geçmegine garamazdan Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleri duşmanlaryň hileleri dowam edýän ýagdaýynda Yslam Ynkylabynyň pikir we magnawy kuwwatlylygyny we strategik täsirini artdyryp başarandyr diýip beýan etdi.

duşmanlaryň ýola berýän hilelerine garamazdan Eýran Yslam Respublikasy agyr gerdeneleri we ýowuz ýagdaýlary arka atyp özüniň azamatyna tarap bolan hereketini badly suratda dowam edýändir diýip Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy aýtdy.

çarşenbe 1399-njy ýylyň Hordad aýynyň 14-nji güni bilen barabar Iýun aýynyň 3-i Ymam Homeýni(RA) hezretleriniň aradan çykmagynyň otuz birinji ýyllygyna gabat gelýändir.

Teswirler