Iýun 05, 2020 15:08 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Siriýa halkyna garşy sanksiýalarynyň artmagyny ýazgardy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýewropa Bileleşigi we ABŞ-nyň Siriýa halkyna garşy sanksiýalarynyň artmagyny ýazgardy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň Siriýa halkyna garşy sanksiýalarynyň artmagyny bikanun we adamkärçiliksiz hereket diýip atlandyrmak bilen Sanksiýalar sebäpli dörän ýaramaz netijeleriň we zyýanyň köpüsini Siriýanyň halky we ýönekeý raýatlary çeker diýdi.

Musawi sanksiýalaryň adam hukuklaryna gönüden-göni howp salýan adamkärçiliksiz taktikadygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Siriýanyň döwletini we çydamly milletini goldaýandygyny aýtmak bilen bu ýurda garşy ähli gadaganlyklaryň ýatyrylmagyny isledi.

Iýun aýyň başlamagy bilen ABŞ-nyň Siriýa garşy Sezar kanuny durmuşa geçiriş tapgyryna girdi,bu kanun Siriýa ilatyna garşy sanksiýalary we ykdysady gabawy güýçlendirýändir.

Tag

Teswirler