Iýul 01, 2020 17:29 Asia/Ashgabat
  • Zarif:ýarag gadaganlyklary uzaklaşdyrlan ýagdaýynda Eýranyň jogaby mäkäm bolar

Eýranyň daşary işler ministri Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary bilen girizilen islendik täze çäklendirmeleriň Eýranyň halkyna beren esasy borçnamalaryna ters gelýändigini aýtmak bilen Eýranyň tersine ýarag gadaganlyklary ýola goýulan ýagdaýynda Eýranyň jogaby berk bolar diýip duýduryş berdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň onlaýn ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýrana garşy ýarag gadaganlyklary aradan aýyrmak barada 2231-nji kararda möhletiň bellenmegi kynlyk bilen ele gelen ýadro ylalaşygyň iş maslahatyň sütünlerini ybaratlaýandyr we ýadro ylalaşygyna gol çeken taraplaryň bu ylalaşygy hem-de 2231-nji karary dolylygyna kabul etmeklerine sebäp bolandyr diýdi.

Muhammet Jawad Zarif, Howpsuzlyk Geňeşi bu ýagdaýa ýene bir gaýtar gowşak dursa, köptaraplaýynlygyň we kanunyň hökmürowanlygynda yza gaýtmaklyk höküminde boljakdygyny aýtmak bilen ýadro ylalaşygy aýak aşaga salan ABŞ hökümetini ýazgarmak ýa-da iň bolmanda onuň gaýtalanýan iş bozarlyklaryna täzeden garamak üçin ýekeje geňeş ýygnagy geçirilmedi Muňa garamazdan, geňeşiň käbir Ýewropa agzalary BMG Howpsuzlyk Geňeşi baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmän, karara we geňeşe şikes ýetirmegiň yzyndadyrlar diýip beýan etdi.

şol bir wagtda BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Rosemary DiKarlo ABŞ-nyň iş bozarlyklary bilen ýadro ylalaşygyň näbelli ykbalyna alada bildirip, bu taryhy şertnamany goldaýandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny gözden geçirmek üçin ýygnagyndan soň, Baş sekretaryň Syýasy we Parahatçylyk meseleleri boýunça orunbasary Rosemary DiKarlo häzirki kynçylyklara garamazdan ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň parahatçylygy üpjün etmegiň we Eýranyň parahatçylykly ýadro maksatnamasynyň dowam etmeginiň iň gowy usulydygyny aýtdy.

 

 

Teswirler