Iýul 01, 2020 20:23 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Amerikanyň terrorçy goşuny tutuş sebitden esasanam Siriýadan çykmalydyrlar

Astana akymynyň başlyklar maslahaty şu gün wideo konferensiýa şekilinde geçirildi we Eýranyň prezidenti bu maslahatda Siriýanyň garaşsyzlygyna we milli häkimiýetine hormatyň goýulmagyny nygtap Amerikanyň terrorçy harbylary sebitden aýratynda Siriýadan çykmalydyrlar we Siriýa döwletiniň häkimiýeti bu ýurduň hemme ýerine ýaýbaňlaşmalydyr diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Astana akymynyň kepillendiriji ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň wirtual ýygnagynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardogana ýüzlenip beren gürrüňlerinde ABŞ režiminiň basyp alyjy güýçleriniň Siriýanyň topragynda bikanun bolmagy bu ýurt we tutuş Günbatar Aziýa sebiti üçin durnuksyzlaşdyryjy sebäpkärdir diýip beýan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de dünýä milletlerine aýratynda Siriýa milletine garşy ýola beren sanksiýalaryny ýazgaryp Eýran Yslam Respublikasy özüniň Siriýa döwletine we milletine berýän hemaýatlaryny berk suratda dowam eder we Amerikanyň ýola berip duran bikanun işleri Siriýanyň dost ýurtlarynyň yradasyny gowşadyp bilmez diýip beýan etdi.

ýene bir habar boýunça şu Astana akymyna kepil geçýän ýurtlaryň diýmek Eýran,Orsýet we Türkiýäniň prezidentleri wideo konferensiýa görnüşde geçiren oturşyklarynyň soňunda çykaran beýannamalarynda Siriýanyň milli häkimiýetine,garaşsyzlygyna we toprak bitewiligine hormat goýulmagyny nygtadylar.

Hasan Ruhani,Putin we Ardogan bu ortak beýannamada Siriýanyň dartgynlylygynyň harby çäresi ýokdyr we diňe Siriýaly toparlaryň we taraplaryň özara ylalaşmaklary bilen hem-de BMG-nyň ýardam etmegi bilen bu dartgynlylyga çäre tapyp bolar diýip nygtadylar.

Eýran,Orsýet we Türkiýäniň prezidentleri şeýle-de Siriýanyň milli häkimiýetine we toprak bitewiligine şikes ýetirýän her hili jydalyk isleýjilikli çäreler bilen özleriniň tersleşýändiklerini yglan etdiler.

Tag

Teswirler