Iýul 03, 2020 16:11 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 196 müňden gowrak adamyň korona keselinden gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 196,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2566 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 483-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 235 müň 429 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 154 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 11,260-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 196,464 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 11 milliondan geçendir şolardan azyndan 525 müňden gowragy öldi we takmynan 6 million 170 müň adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Teswirler