Iýul 03, 2020 16:31 Asia/Ashgabat
  • Takht-e Rawançi: Koronanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin sanksiýalaryň ýatyrylmagy zerurdyr

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili, maksatly ýurtlaryň Corona garşy mümkinçiligini pese gaçyrýan birtaraplaýyn sanksiýalary ýatyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Majid Takht-e Rawançi penşenbe güni BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde koronawirusyň täsiri barada beren gürrüňlerinde Ölüm derejesi ýokary bolan hemmetaraplaýyn keseller, çaknaşykly ýurtlaryň ykdysady we sosial ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär we bu ýurtlaryň kynçylyklaryna kynçylyk goşmak bilen ýagdaýy has beter çylşyrymlaşdyrandyr diýip belläp geçdi.

Bu ugurda Takht-e Rawançi koronawirusyň Günbatar Aziýa sebitinde, esasanam Siriýada we Yemende ýaýramagynyň käbir problemalaryna yşarat edip bu ýagdaýyň ABŞ-nyň Siriýanyň halkyna garşy bir taraplaýyn sanksiýalary, şeýle hem Yemeniň portlaryny we howa menzillerini gabaw astyna almagy bilen hasam hem agyrlaşandygyny aýtdy.

Takht-e Rawançi birtaraplaýyn sanksiýalaryň hassalary has köp nyşana alýandygyny we sanksiýalaryň ahlaksyz, adamkärçiliksiz we bikanundygyny aýtdy.

Teswirler