Iýul 03, 2020 17:07 Asia/Ashgabat
  • Harazi: Amerika we Ýewropalylaryň nädogry syýasatlary ýadro ylalaşygynyň iş maslahatynyň dargamagyna sebäp bolar

Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň başlygy ABŞ-nyň we Ýewropalylaryň Tährana garşy alyp barýan ýalňyş syýasatlaryna salgylanyp Bu hereketler diňe bir Eýranyň öňüni alman,ýadro ylalaşygynyň iş maslahatynyň dargamagyna sebäp bolar diýdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň başlygy Kamal Harazi, Yslam respublikasynyň daşary ýurtlaryň edýän zulumyna boýun egmejekdigini aýtmak bilen ýadro ylalaşygyň Ýewropaly üç döwletiniň (Angliýa, Fransiýa we Germaniýa) we ilkinji nobatda ABŞ-nyň Eýranyň parahatçylykly ýadro işjeňligini togtatmak baradaky birtaraplaýyn we ýalňyş syýasatlary hemişe netije beren däldir we Tähran ýadro tehnologiýasyny ösdürmekde berk yrada gulluk edýändigini aýtdy.

Harazi, şeýle hem Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grosiniň ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili Braýan Hook bilen bolan duşuşygynda şübheli hereketlerine yşarat edip bu duşuşyk Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiriniň garaşsyz däldigini we Grosiniň kimden buýruk alýandygyny we üç Ýewropa ýurdunyň hereketiniň nähili meýilleşdirilýändigini görkezdi diýdi.

Harazi, Günbatar ykdysady we ýarag sanksiýalarynyň Eýranyň garaşsyz strategiki ýoldan gitmegine päsgel bermejekdigini bilmelidigini aýdyp Eýran şu wagta çenli Günbataryň iň ýokary basyşyna garamazdan öz-özüni üpjün etmek syýasatyny alyp barýar we zerur ýarag öndürmekde jedelsiz üstünlik gazandy diýip beýan etdi.

Teswirler