Iýul 04, 2020 14:44 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ilçisiniň we Russiýanyň Energetika ministriniň orunbasarynyň ykdysady maslahaty

Eýranyň Moskwadaky ilçisi we Russiýanyň energiýa ministriniň orunbasary iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy maslahatlaşdylar.

Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali we Russiýanyň Energetika ministriniň orunbasary Anatoliý Tihonow anna güni Eýran Yslam Respublikasynyň Moskwadaky ilçihanasynda geçirilen ýygnakda duşuşyp Energetika hyzmatdaşlygy boýunça iş toparyny döretmek we iki ýurduň arasynda oba hojalygy we transport pudagynda birnäçe täze taslamany durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki komissiýanyň 16-njy tapgyrynyň 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljekdigi karar edildi.

Tag

Teswirler