Iýul 04, 2020 14:50 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran derman we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmekde uly iş etdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Korona keseline garşy göreşmek boýunça ýurduň çärelerine ünsi çekip, Eýranyň derman we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmekde uly iş bitirendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, şenbe güni Korona garşy göreşmek boýunça milli ştab-kwartiranyň mejlisinde, Koronadan öň we soň dünýäniň ykdysady ýagdaýyny we dürli ýurtlaryň saglygy goraýyş çärelerini deňeşdirmek bilen Bu kyn şertlerde Eýran iki aýakda durdy, derman, lukmançylyk enjamlary we toplumlary taýýarlamak pudagynda bilimlere esaslanýan kompaniýalar, Saglygy goraýyş ministrligi we ýurduň uniwersitetleri bir wagtyň özünde uly işler etdi diiýp nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ýurduň ähli künjeklerinde, esasanam jemgyýetçilik pudagynda hyzmatlaryň berilmeginiň saglyk teswirnamalarynyň berjaý edilmegine we maskalaryň ulanylmagyna degişlidigini aýdyp Korona garşy göreşiň kyn şertlerini ýeňip geçmek üçin gulluk edlýän we gulluk edýän taraplaryň ikisi-de saglygy goraýyş şertleri nazara almaly we gulluk edilýän mekanlarda hem bu möhüm amala aşyrylmalydyr diiýp beýan etdi.

 

Tag

Teswirler