Iýul 04, 2020 19:02 Asia/Ashgabat
  • General Soleýmanyň terror edilmegi Amerikanyň Takfiri terrorçylygyna iň uly sowgady

Eýranyň Milli Howpsuzlyk boýunça ýokary Geňeşiniň sekretary, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kudus Güýçleriniň serkerdesi general Gasem Soleýmanyň terror edilmegi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Takfiri terrorçylygyna we onuň tarapdarlaryna beren iň uly sowgady diýip atlandyrdy.

Yrak häkimiýetleriniň resmi çakylygy boýunça 3-nji ýanwarda Yraga baran Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general GKasem Soleimani Yrak Halk Mobilizasiýa Hereketiniň (al-Haşd al-Şabi) başlygynyň orunbasary Abu Mahdi al-Mohandes Bagdadyň howa menziliniň golaýynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky basybalyjy we terrorçy güýçler tarapyndan howa hüjüminde şehit edildi.

Şenbe güni Eýranyň Milli Howpsuzlyk boýunça ýokary Geňeşiniň sekretary "Ali Şamhani" Şehit general Soleýmanyň we ýoldaşlarynyň şehit edilmegi bilen baglanyşykly wakanyň syýasy-kanuny yzarlaýyş ýygnagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Sionist režimiň Şehit Soleimani we Şehit Abu Mahdi Al-Mohandes-ä bolan ýigrenji sebitdäki Takfiri terrorçylygyna garşy göreşde ornuny tutup bolmajak roly we Amerikanyň terrorçylyga garşy çykyşyň ruswa bolmagy bilen baglanyşyklydygyny ýatlap geçdi.

Şamhani: Dünýä halky terrorçylyga garşy hakyky söweş serkerdeleriniň edýän tagallalaryna we gurbanlaryna minnetdar bolmalydyr, sebäbi şehit Soleýmaniniň we şehit Abu Mahdi Al-Mohandesiň eserdeň ýolbaşçylygy we yhlasly tagallalary Takfiri terrorçylygynyň dünýäniň çar künjeginde ýaýramagynyň öňüni aldy didip nygtady.

Teswirler