Iýul 11, 2020 19:11 Asia/Ashgabat
  • Keşawarzzadeh: Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk meýilnamasyna garşy hüjümler gülkünç

Eýranyň Hytaýdaky ilçisi, Tehran bilen Pekiniň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna garşy oppozisiýa metbugaty tarapyndan edilen hüjümi gülkünç hasaplady.

Şenbe güni Eýranyň Hytaýdaky ilçisi Muhammet Keşawarzzadeh IRNA habar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýrana berk sanksiýalar girizýän we Yslam respublikasynyň pullaryny beýleki ýurtlarda bloklaýan we bu pullaryň derman ýa-da iýmit üçin ulanylmagyna ýol bermeýän ABŞ ýaly ýurtlar Eýran-Hytaý giňişleýin hyzmatdaşlyk meýilnamasyna garşy çykyş etdiler bu mesele bolsa gülkünç zatdyr diýip nygtady.

Keşawarzzadeh Tehran-Pekin gatnaşyklaryna edilýän hüjümleriň köpüsiniň Eýranyň Hytaý ýaly esasy ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň ösmegini islemeýän belli kanallardan we garşydaşlardan gelip çykýandygyny aýtdy.

 

Tag

Teswirler