Iýul 11, 2020 21:22 Asia/Ashgabat
  • himiki ýaraglary gadagan edýän guramasynyň Siriýa baradaky kararyna Eýranyň garşy çykmagy

Eýran Yslam Respublikasynyň Gollandiýadaky himiki ýaraglary gadagan etmek guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Siriýa garşy bu guramanyň hereketini deňagramsyz, syýasy maksatly we kabul ederliksiz hasaplady.

Himiki ýaraglary gadagan etmek guramasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň 94-nji mejlisi penşenbe güni 29 goldan ses, 9 saklanan ses we 3 garşy ses (Russiýa, Hytaý we Eýran Yslam Respublikasy) bilen käbir Siriýa garşy ýurtlaryň "Siriýa tarapyndan himiki ýarag satyn almak we ulanmak" karary bilen tamamlandy.

Şenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň ilçisi we himiki ýaraglary gadagan etmek guramasyndaky hemişelik wekili "Alireza Kazemi Abadi" Siriýa garşy himiki ýaraglary gadagan etmek guramasynyň derňew we kesgitleýiş toparynyň tarapgöý we nädogry hasabatyny tankytlady we Bu ädimi guramany syýasylaşdyrmak we agzalaryň arasynda düşünişmezlik döretmek ugrundaky ädim hasaplady.

Tag

Teswirler