Awgust 04, 2020 16:32 Asia/Ashgabat
  • General Bagheri: Terrorçylar we olaryň tarapdarlary Eýranyň howpsuzlygyna howp salmak isleýärler

Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy terroristleriň we olaryň tarapdarlarynyň Yragy we Siriýany basyp almak arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň howpsuzlygyna howp salmak isleýändigini aýtdy.

Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general "Muhammet Bagheri" şu gün (sişenbe) Tähranda "DAEŞ guramasynyň dolandyryşynyň soňy we çydam frontunyň kuwwatlylygy" sergisiniň çäginde beren gürrüňlerinde Şehit bolan general Gassem Soleýmanyň we onuň ýoldaşlarynyň berk dumaklary, şeýle hem olamalaryň petwasy we Siriýa bilen Yragyň dolandyryşy we milletiň bolman bolsady, bu ýurtlaryň dolandyryşy DAEŞ we beýleki terrorçy toparlaryň elinde bolardy diýdi.

General Bagheri sözüniň dowamynda Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Lideriniň ýolbaşçylygynda we general Sardar Soleýmanyň we onuň ýoldaşlarynyň tagallalaryň netijesinde terrorçylyk topary DAEŞ we şuňa meňzeş toparlaryň ýok edilendigini we şu gün özygtyýarlylyk we howpsuzlyk Siriýa we Yraga gaýdyp gelendigini aýtdy.

Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, Siriýadaky we Yrakdaky terroristler bilen söweşilmän bolsady, olar bu ýurtlary basyp almak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň howpsuzlygyna howp salmak isleýändiklerini aýtdy.

Teswirler