Awgust 04, 2020 16:42 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 272 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 272,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 751 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 560-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 314 müň 786 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 212 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 17 müň 617-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 272 müň 535 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 18 million 470 müň adama ýetdi şolardan azyndan 700 müňden gowragy öldi we azyndan 11 million 700 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Teswirler