Awgust 07, 2020 18:29 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň lideri: Hiroşima edilen ýadro hüjümi, tekepbir ABŞ goşunynyň tebigatynyň alamaty

Ynkylabyň ýokary lideri, Hiroşima garşy ýadro hüjüminde ýüz müň adamyň öldürilmegini ulumsy, dinsiz we ahlaksyz Amerikan goşunynyň tebigatynyň alamaty hasapladylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, ABŞ-nyň Hiroşima garşy ýadro hüjüminiň ýyl dönüminde HAMENEI.IR maglumat savtynyň twitter hasabynda çap edilen ýüzlenmesinde, 1945-nji ýylyň awgust aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Hirosima şäherinde atom bombasy bilen ýüzlerçe müň adamy derrew öldürdi we bu ulumsy, dinsiz, ateist we ahlaksyz Amerikan goşunynyň tebigatydyr diýip beýan etdiler.

Rewolýusiýanyň ýokary lideri: Kimdir biri ulumsy güýçleriň goşunlarynyň jenaýatlary barada gürleşmek islese, birnäçe kitap ýazylyp bilner we ýazylmalydyr diiýp nygtadylar.

1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda ABŞ-nyň goşunynyň B-29 bombaçysy şol wagtky prezident Harry Trumanyň buýrugy bilen Ýaponiýanyň Hiroşima şäherine atom bombasyny taşlady.

Üç günden soň ABŞ Ýaponiýanyň Nagasaki şäheriniň ilatyna ikinji atom bombasyny taşlady.

Iki atom partlamasy netijesinde takmynan 220,000 adam öldi.

Ýaponiýada Hiroşima we Nagasakiniň ýadro partlamalary dünýäde ýeke-täk ýadro hüjümidir.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu bombalary ulanandygy üçin hiç haçan ötünç soramady.

Teswirler