Awgust 12, 2020 16:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 290 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 290,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 510 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 89-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 333 müň 699 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 188 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 18 müň 988 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 290 müň 244 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 20 million 550 müň adama ýetdi şolardan azyndan 747 müňden gowragy öldi we azyndan 13 million 465 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Teswirler