Awgust 12, 2020 17:24 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerikalylaryň Snapback-den haýyrlanmaga haklary ýokdyr

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Eýrana garşy ýarag gadaganlyklaryny uzaltmak baradaky teklibine ses berilmejekdigini aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Snapback” mehanizmini ulanmaga kanuny ýagdaýy ýokdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün (çarşenbe) habarçylaryň arasynda eden çykyşynda ABŞ-nyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň üsti bilen Eýrana garşy ýarag gadaganlygyny uzaltmak üçin edýän tagallalaryna yşarat edip Amerikalylar öz kararlarynyň ses gazanyp bilmejekdigini gowy bilýändirler we Nýu-Yorkorkuň käbir çaklamalarynda munuň diňe bir ýa-da iki ses aljakdygy aýdylýar diýip beýan etdi.

Amerikalylar Howpsuzlyk Geňeşinde gerek bolan sesleri gazanyp bilmäni soň Snapback mehanizmini ýola düşürjekdiklerini toslaýarlar bu mehanizmi ýola düşürmäge Amerikalylaryň haklary ýokdyr bu zat belli we aýan zatdyr diýip Zarif sözlerine goşdy.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy, pozisiýalary belli bolan Orsýet bilen Hytaýdan başga-da, Waşingtonyň üç Ýewropaly ýarany (Angliýa, Germaniýa we Fransiýa) BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki mejlisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu mehanizmi ulanyp bilmejekdigini aç-açan aýtdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Amerikanyň bu kararynyň bikanundygyny aýtmak bilen Amerikalylar bu geňeşi ýok etmek üçin BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mehanizmini ulanmak isleýärler diýdi.

Teswirler