Awgust 12, 2020 17:54 Asia/Ashgabat
  • Taht-e rawançi: Howpsuzlyk Geňeşi bu sapar hem ABŞ-nyň täze kararyna garşy çykar

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili ABŞ-nyň ýarag gadaganlygy baradaky täze kararyny 2231-nji rezolýusiýanyň bozulmagy diýip atlandyrmak bilen Elbetde, Howpsuzlyk Geňeşi bu çäräni ýene ret eder diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Takt-e rawançiň sişenbe güni agşam Twitter sahypasynda ýazmagyna görä BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň garşylygy bilen ABŞ ýene bir gezek Eýranyň ýarag gadaganlygy baradaky karar taslamasyndan ýüz öwürmäge mejbur boldy diýmek bilen şu gün Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny ýene-de bozýan başga bir wersiýasyny hödürledi.

Taht-e rawançi täze taslamanyň tebigatda we maksatda öňki görnüşlere meňzeýändigine yşarat edip Elbetde, Howpsuzlyk Geňeşi hökman bu çäräni ýene bir gezek ret eder diýip beýan etdi.

Amerika, BMG Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklanan halkara şertnama ýadro ylalaşygyny ýok etmek maksady bilen ýaňy-ýakynda Howpsuzlyk Geňeşine Eýrana garşy girizilen ýarag gadaganlygyny uzaltmak baradaky karar taslamasyny, bu Geňeşe gowşyrdy.

ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti, geňeş agzalary, şol sanda Ýewropalylar we beýleki hemişelik däl agzalar bilen dürli resmi däl ýygnaklary geçirmegiň netijesizligi sebäpli teklip edilýän 13 sahypalyk karary dört abzasa çenli azaltdy.

Teswirler