Awgust 12, 2020 18:21 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýranyň goranmak we ýarag güýji tutuş sebitiň bähbidinedir

Eýranyň prezidenti Yslam respublikasynyň ýaraglary we mümkinçilikleri ýurdy daşary ýurt duşmanlardan goramak üçin ulanjakdygyny belläp Eýranyň goranmak we ýarag güýji tutuş sebitiň bähbidinedir diýdi.

Çarşenbe güni Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani goňşy ýurtlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hyýanatçylykly peýdalanmagynyň garşysynda hüşgär bolmaga çagyrp Sebitiň ýurtlary sebitiň ilatynyň baýlyklaryny talaýanlardan we onuň garşysynda goňşularyny bombalamak üçin käbirlerine ýarag satýanlardan ägä bolmalydyrlar diýip beýan etdi.

Ruhani, Eýranyň Yrakdaky Baas režiminiň agdarylan diktatory Saddam Huseýniň Kuweýte çozuşyny ýazgaran ilkinji ýurtdygyny aýtmak bilen Iş ýüzünde, Eýran sebitde durnuklylyk gözleýändigini görkezdi we şol wagt Saddama ýaşyl yşyk beren bolsa, diktator Kuweýtiň çozuşyndan bir gün soň Saud Arabystanyny, Katary we BAE-ni basyp alardy diýdi.

Eýranyň prezidenti käbir goňşy ýurtlara ýüzlenip eger Yslam respublikasy sebitdäki durnuklylygy goramadyk bolsa, Eýranyň günorta goňşularynyň käbiri şu gün bolmazdy diýip sözlerine goşdy.

Tag

Teswirler