Awgust 12, 2020 20:19 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Ýewropa ABŞ-nyň täsirinde bolmaly däldir

Eýranyň prezidenti, Fransiýanyň prezidenti bilen geçirilen söhbetdeşlikde ABŞ-nyň hereketleriniň hemişe ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny ýok etmek bolandygyny aýtmak bilen Ýewropa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täsiri astynda bolup bu ýurduň duzagyna düşmeli däldir diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makrona jaň edip, Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna laýyklykda Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň 18-nji oktýabrdan aýrylmalydygyny aýtmak bilen Amerikalylaryň BMG Howpsuzlyk Geňeşine teklip eden karary BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny bozýar we ähli ýurtlar, esasanam 4 + 1 ýurtlary, muňa berk garşy çykmalydyrlar diýdi.

Ruhani, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşykdan iki ýyl gowrak ozal gidendigini göz öňünde tutup, bu şertnamanyň mehanizmini ulanmaga hiç hili hukugynyň ýokdugyny ýatlatdy.

Eýranyň prezidenti, Korona epidemiýasynyň şertlerine garamazdan ABŞ-nyň Tährana garşy sanksiýalar girizmek baradaky bikanun we adamkärçiliksiz hereketlerine yşarat edip, Eýran bilen ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek we Covid 19-a garşy göreşde Ýewropanyň arkalaşyk etmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Ruhani sözüniň dowamynda Geçen hepde Beýrutda bolup geçen aýylganç partlamadan soň Liwanda ýüze çykan ýagdaýa yşarat edip Liwan syýasy toparlaryň arasynda has köp jebislige mätäç we bu jebisligi döretmäge her kim kömek etmelidir diýdi.

Fransiýanyň prezidentiýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň saklanmagynyň zerurdygyna salgylanyp Fransiýanyň ABŞ bilen Eýranyň ýarag gadaganlyklaryny uzaltmak baradaky garaýşy düýbünden başgadyr we bu mesele ABŞ-a aç-açan beýan edilendir diýip nygtady.

Şeýle hem Makron,Ýewropanyň maliýe ulgamyny Eýran bilen has işjeňleşdirmek üçin Fransiýanyň çäreleri görýändigini aýtdy.

ol şeýle-de Eýrany Liwanyň syýasy krizisini çözmäge kömek etmäge çagyrdy.

Tag

Teswirler