Awgust 13, 2020 18:22 Asia/Ashgabat
  • Zarif: ABŞ-nyň Eýranyň ýadro şertnamasyny ýok etmegi jeňňeliň kanunyna gaýdyp gelmekdir

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ABŞ-nyň Eýranyň ýadro şertnamasyny ýok etmegine rugsat berilmegi jeňňeliň kanunyna gaýdyp gelmek manysyndadyr diýdi.

Penşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Fransiýanyň “Le Monde” gazetinde çap edilen makalasynda ABŞ-nyň häzirki administrasiýasy, Eýranyň ýadro programmasy baradaky 2015-nji ýyldaky şertnamany düýbünden ýok etmek maksady bilen köptaraplaýynlygyň we halkara hukugynyň galan zatlaryny ýok etmek bilen haýbat atýar diýip ýazdy.

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň çeýeliginiň we öňünden aýdyp bolmajaklygynyň oýun teoriýasyny durmuşa geçirmek bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýdyp ABŞ-nyň häzirki döwleti, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň içinde dolandyryşyň bolmazlygy ýa-da daşary ýurtlarda parahatçylygyň we durnuklylygy bozmak üçin kanunyň hökmürowanlygyny goraýan adama kör hüjüm etmekden başga meýilnamasy ýokdyr diýip nygtady.

Zarif: "Eýran iň aýylganç we kör sanksiýalara gabat gelen ýurtdyr diýmek bilen ABŞ-nyň häzirki döwleti halkara jemgyýetçiliginiň geljegi üçin hiç hili gözýetimi teklip etmeýär we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna beren jogaby ABŞ-nyň nädogry hereketleriniň aýdyň mysalydyr diýip nygtady.

Tag

Teswirler