Awgust 13, 2020 20:21 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Energetika ministri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada maslahat

Eýranyň Energetika ministri we Azerbaýjan Energetika ministri energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

IRNA habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Eýranyň Energetika ministri Reza Ardakanian we Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministri Parwiz Şahbazow wideo söhbetdeşlikde Iki ýurduň arasyndaky serhetdäki Aras derýasynda Gyz Galasy we Hodaafarin bentleriniň gurluşygyny, şeýle hem Ordobad gidroelektrostansiýasyny gurmak ýaly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşyň we bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amallary çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň serhediniň golaýynda täze elektrik stansiýasy gurmak baradaky bilelikdäki meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi Eýranyň Energetika ministri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministriniň arasyndaky söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

 

Tag

Teswirler