Awgust 14, 2020 15:18 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 293 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 293,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 501 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 173-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 338 müň 825 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 169 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 19 müň 331 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 293 müň 811 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 21 million adamdan gecdi şolardan azyndan 757 müňden gowragy öldi we azyndan 13 million 944 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Tag

Teswirler