Sep 08, 2020 20:32 Asia/Ashgabat
  • Zarif:  goňşular bilen işjeň gatnaşykda bolmak, Eýranyň ileri tutýan ýörelgesi

Eýranyň Daşary işler ministri Hindistanyň Daşary işler ministriniň Tehranda gelmeginden kanagatlanma bildirdi we goňşular bilen işjeň gatnaşykda bolmak Eýran Yslam Respublikasynyň esasy ýörelgesidigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni twitter hasabynda şeýle ýazdy: "Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar bilen bolan duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegi we söwda hyzmatdaşlygy, şeýle hem möhüm sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy."

Zarif, Eýran Yslam Respublikasynyň esasy ýörelgesiniň goňşular bilen işjeň gatnaşyk saklamakdygyny aýtdy.

Tags