Sentýabr 19, 2020 15:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 357 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan iki müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 357,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirus ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda iki müň 845 sany täze näsagyň tapylandygyny aýtdy.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 419 müň 43 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 166 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 24 müň 118 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 357 müň 632 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 30 million adamdan geçdi şolardan 956 müňden gowragy öldi we azyndan 22 million adam sagaldy.

Tag

Teswirler