Sentýabr 19, 2020 17:08 Asia/Ashgabat
  • General Salami Trump-a ýüzlendi: General Soleýmanyň şehit bolmagynyň aryny alarys

Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaran güýjüniň Baş serkerdesi, ABŞ-nyň prezidentiniň Eýrana garşy eden soňky boş sözleriniň jogabynda oňa: General Gassem Soleýmanyň şehit bolmagy üçin ar alyş kesgitli, çynlakaý we hakykydyr diýdi.

POLITICO web sahypasy ýakynda ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň habarlaryna we hökümete ýakyn işgärlere salgylanyp, Eýranyň ABŞ-nyň Günorta Afrikadaky ilçisini terror edilen general Gassem Soleýmanyň deregine öldürmek isleýändigini toslady.

Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump, Politico web sahypasyndaky habaryň gaýtawulynda ABŞ-nyň bähbitlerine garşy her hili herekete müň esse güýçli jogap berjekdigini aýtdy.

Yslam Rewolýusiýa Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi general-maýor "Huseýin Salami" şu gün Baş ştabyň serkerdeleriniň, işgärleriniň we jogapkärleriniň ertirlik dabarasynda Yslam respublikasy general Soleýmanyň şehit bolmagynda göni ýa-da gytaklaýyn rol oýnanlaryň hemmesini nyşana alar we bu çynlakaý sargytdyr diýdi.

Tag

Teswirler