Sentýabr 26, 2020 14:38 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran halkyna garşy edilen ähli jenaýatlaryň başy Ak tam

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy alyp barýan duşmançylykly hereketlerine ünsi çekip, Eýran halkyna garşy ähli jenaýatlaryň başy Ak tamdyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Korona garşy göreşmek boýunça Baş edaranyň mejlisinde Amerikalylaryň soňky iki ýylda ýalan, bikanun, esassyz we adamkärçiliksiz sanksiýalary, şeýle hem terrorçylyk operasiýalary sebäpli azyndan 150 milliard dollar ýurda zyýan ýetirendiklerini aýtmak bilen olar Hatda dermanlaryň, bejergileriň we iýmitleriň Eýrana geçirilmeginiň öňüni aldylar we iň uly taryhy wagşyçylyk etdiler diýip nygtady.

Ruhani, ABŞ-nyň Eýranyň Halkara Walýuta Gaznasyndan derman, lukmançylyk enjamlary we hassahana enjamlary bilen üpjün etmek üçin 5 milliard dollar karzyna garşy çykanlygyny aýdyp ABŞ-nyň Döwlet sekretary jenaýat sekretary bolup, Eýran halky bilen duşmanlygyna buýsanýar diýip beýan etdi.

Tag

Teswirler