Oktýabr 23, 2020 17:04 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona keseli bilen alty müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenmegi

Soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6000-den gowrak täze koronawirus keseli ýüze çykaryldy we ýene 335 adam öldi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" anna güni ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen kesellän 6,134 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 2214-si keselhana ýerleşdirildi we galan hassalar ambulatoriýa hyzmatlary edildi diýdi.

Larri, Eýranda koronawirus näsaglarynyň umumy sanynyň 556,891-e ýetendigini sözüniň üstüne goşdy we soňky 24 sagadyň dowamynda 335 sany kowid hassasynyň ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 31,985-e ýetendigini aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 446,685 korona näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Şeýle hem, “Covid 19” bilen kesellän 4933 näsaga erbet ýagdaýda ideg edilýär.

Larri, şu wagta çenli Eýranda 4,658,727 Covid 19 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini aýtdy.

Dünýäde korona wirusy ýokaşanlaryň sany takmynan 42 million adama ýetdi, şolardan bir million 142 müň adam öldi.

Tag

Teswirler