Oktýabr 24, 2020 17:18 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň Eýrana garşy hereketleri jogapsyz galmajakdygy hakda

ABŞ-nyň General Haj Gasem Soleýmany we onuň töweregindäki adamlary şehitetmekdäki çäresi döwlet terrorçylygynyň aýdyň beýanydyr we Eýranyň Daşary işler ministrligi bu meseläni halkara forumlarynda we guramalarynda ýakyndan yzarlaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Daşary işler ministrligi anna güni beýannama berip, "ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçisi Mätteu Tuller, wekilhananyň başlygynyň orunbasary Stiw Fagin we  Yragyň Erbilindäki ABŞ-nyň Baş konsuly Rab Faller dagylara sanksiýa berildi  diýip ,ABŞ-nyň sebitdäki adam hukuklarynyň bozulmagyna we öjükdurji  we terrorçylyk hereketlerine garşy kanun" talaplary bolar we Eýranyň ähli degişli guramalary bu ugurda güýje girmegi üçin kanuna laýyklykda degişli çäreleri görer diýidi. "

Yrak döwletiniň resmi çakylygy boýunça geçen ýanwarda Yraga giden Yslam Ynkylanyň Sepah Pasdaranynyň  Kuds güýçiniň serkerdesi general Haj Gasem Soleýmany ABŞ-nyň harby terrorçylyk operasiýasy tarapyndan nyşana alyndy. Bu Terrorçylyk hereketi, ABŞ-nyň prezidenti Trump-nyň gönüden-göni buýrugy we pilotsyz uçarlar bilen amala aşyryldy.

Eýran Yslam Respublikasy, ABŞ-nyň döwletinden  ar almak hukugyna garamazdan, BMG-nyň Tertipnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda öz-özüni goramak hukugyny durmuşa geçirmek üçin zerur we degişli çäreleri görmek üçin ähli hukuklaryny halkara ýörelgelerine we ülňülerine laýyklykda ulanmaga haklydyr. Hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň soňky terrorçylyk hereketini başarnykly halkara guramalaryna, esasanam BMG Baş Assambleýasyna we Adam Hukuklary Geňeşine iberip biler.
ABŞ-nyň Yrak topragynda eden terrorçylyk operasiýasy ýurduň territorial bitewiligini bozmakdyr we 2001-nji ýyldaky Halkara jogapkärçilik meýilnamasynyň 1-nji we 2-nji maddalaryna laýyklykda halkara hukuk bozulmalary üçin döwlet jogapkärdir.

Ganhor Trampyň ,sebitde terrorçylyga köp garşy bolan General Kassem Soleýmanyny şehitetmegi ABŞ-nyň halkara hukugyny äsgermezlik etmekde alyp barýan işleriniň aýdyň gatlagy hökmünde görülýär.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi; Geçen iýun aýynda harby ýolbaşçylaryň, wezipeli adamlaryň we wekilleriň ýygnagynda Amerikalylaryň Daeş toparyny döretmekdäki orny we bu topara harby we maddy-tehniki goldawy barada beren beýanatynda ,Amerikalylar  "Gözegçiliksiz Daeş-e garşydyrlare, ýöne kimdir biri Daeş-i ýok etmek islese, oňa garşy çykarlar diýdiler.

Soleýmanyň şehitedilmegi, şübhesiz, terrorçylykly jenaýatçylykly hereket we halkara hukugynyň ýörelgelerini we kadalaryny bozmakdyr, bu bolsa halkara jemgyýetçiliginde ABŞ üçin agyr halkara jogapkärçiligini döretdi. ABŞ-nyň terrorçylyk hereketleriniň sebitdäki dartgynlygy ýokarlandyrandygyny we sebitleýin we halkara parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýandygyny görkezýän subutnamalar bar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadehiň anna güni twitter hasabynda ýazyşy ýaly, ABŞ-nyň Eýrana garşy hereketleri jogapsyz galmaz.

 

Tag

Teswirler