Oktýabr 24, 2020 23:07 Asia/Ashgabat
  • Eýran: Dünýä birtaraplaýynlygy we zorlugy ret etmelidir

Eýranyň Daşary işler ministrligi birtaraplaýynlyga we zorluga garşy göreşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň ýyl dönüminde şenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň gününiň dünýäniň birtaraplaýynlygy we zorlugy ret etmelidigini ýatladýandygyny aýdyp şeýle ýazdy:75 ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasy köptaraplaýynlyga we hyzmatdaşlyga esaslanýan has gowy dünýä gurmagyň umumy maksady bilen dünýä indi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi şeýle-de Eýran, esaslandyryjy agza hökmünde BMG-nyň Tertipnamasynyň maksatlaryna ygrarlydygynyň subut edilen ýazgysy bardyr diýip nygtady.

Birleşen Milletler Guramasy 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredildi.

Tag

Teswirler