Dec 16, 2020 19:12 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Serdar Soleýmanini öldürenlerden we ölümine höküm edenlerden ar alynjakdygy şübhesiz

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: General şehit Gasem Soleýmanini öldürenlerden we ölümine höküm edenlerden ar alynjakdygy hökmanydyr we bu ar almak mümkin bolan wagtynda şübhesi amala aşyrlar diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý çarşenbe güni Yslam Rewolýusiýanyň Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň öňki serkerdesi general Gasem Soleýmanynyň şehitlik derejesine ýeten gününiň  ýyllygyny gadyrlaýan ştabyň agzalary we ol Şehidiň maşgala agzalary bilen geçiren duşuşygynda Şehit Soleýmanini Eýran halkynyň gahrymany we Yslam ymmatynyň gahrymany diýip atlandyrmak bilen Şehidiň hemişe il ogly bolandygyny göz öňünde tutup, oňa hormat goýmak üçin halkyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy tabşyrdylar.

Ol Serdar Soleýmanyň şehitligini taryhy waka diýip atlandyrdy we şehidiň eýranlylar üçin milli gahryman we Yslam ymmatynyň gahrymany bolandygyny aýdyp Şehit Soleýmanyň Eýran halkynyň gahrymanyna öwrülmeginiň we halkyň dürli gatlaklarynyň (hatda göz öňüne getirmediklerem) hormat goýmagynyň we duýgularyny beýan etmeginiň sebäbi, Şehit Soleýmanyň Eýranyň we Eýranlynyň medeni gymmatlyklarynyň simwolyna öwürlenligidir diýip beýan etdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Şehit Soleýmanyň häsiýetleriniň arasynda "batyrlyk we çydamlylyk", "paýhas, ugurtapyjylyk, gaýdusyzlyk we ynsansöýörlik  ýaly häsiýetlerini sanap geçdiler.

Şol beýik şehit , yhlasly we ahyret adamydy we hiç haçan ikiýüzli adam däldi diýip Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy sözüne goşdylar.

Aýatolla Hameneý, Şehit Soleýmanyň ömründe-de, şehit bolmagy bilen-de ulumsylygy ýeňendigini aýdyp Yrakda we Eýranda millionlarça adamyň şehit Soleimaniň we Abu Mahdi al-Mohandesiň ýatdan çykmajak jaýlanyş çäreleri we bu iki şehidiň hatyralama dabaralary tekepbir ýumşak söweş generallaryny geň galdyrdy we Amerikalylar üçin ilkinji agyr şarpyk boldy diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi hezretleri, ABŞ-nyň "Aýn al-Assad" bazasynda raketa hüjümi arkaly iýen şarpygyna yşarat edip emma has berk şarpyk, ezijileriň içi boş we gury haýbatyna Programma üpjünçiligi taýdan üstem çykmakdyr we bu mesele hem ynkylapçy ýaşlaryň we mömin zehinlileriň tagallasyny talap edýändir şeýle-de Amerikalylaryň sebitden çykmaklygy hem sebit milletleriň we çydam syýasatlaryny talap edýändir diýip nygtap geçdiler.