Jan 11, 2021 17:17 Asia/Ashgabat

Eýranyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Yslam respublikasyna garşy zalymlykly sanksiýalary dowam etse, ýadro ylalaşygyň diri galmagy Eýranyň bähbidine bolmaz diýdi.

Eýranyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Şahriar Heýdari EýranPress-e beren interwýusynda ýadro ylalaşygyň halkara we köptaraplaýyn ylalaşykdygyny aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy bilen bu ýurduň Eýrana garşy berk sanksiýalary artdy diýip beýan etdi.

Şahriar Heýdari ABŞ-nyň täze administrasiýasy başgaça çemeleşip we borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelse, Eýran bu çemeleşmäni garşy alýar diýip sözlerine goşdy.

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ Borjam şertnamasyndan resmi taýdan çykdy we öňki sanksiýalary dikeltmekden başga-da Eýrana garşy täze sanksiýalar girizdi.

Eýran Yslam Respublikasy ýadro borçnamalaryny ýadro şertnamasynyň çäginde bir ýyllap  ýerine ýetirdi, emma ýadro ylalaşyga agza Ýewropa döwletleri öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmänsoň, Eýran 2019-njy ýylyň maý aýyndan ýadro borçnamalaryny bäş ädim azaltmagy amala aşyrdy.

Tags