Jan 14, 2021 21:14 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda harby hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy

Eýranyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi bilen bu ýurduň Goranmak ministri Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegini nygtadylar.

Penşenbe güni Eýranyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Seýed Abbas Musawi Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen duşuşdy we Azerbaýjan Respublikasyny soňky Garabag söweşinde ýeňiş gazanmagy bilen gutlamak bilen Iki ýurduň arasynda harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi sebitde howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm faktor bolup durýar diýdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministri hem, soňky Nagorno-Garabag söweşinde Eýranyň Azerbaýjanyň pozisiýasyny goldaýandygyna minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasynda harby gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösmegine ünsi çekdi.

Bu ýygnakda Azerbaýjan Respublikasy bilen Eýranyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, harby-tehniki, türgenleşik-harby we lukmançylyk-harby we sebit meselelerinde gatnaşyklaryň ösüş göz ýetimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tags