Jan 15, 2021 16:12 Asia/Ashgabat
  • harazi: Sanksiýalar ýatyrylmazdan ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi paç almakdyr

Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň başlygy Amerikanyň sanksiýalar ýatyrylmazdan ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi paç almaga sebäp bolar diýip aýtdy.

HAMENEI.IR bilen geçirilen söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Kamal harazi ýaro ylalaşygyň birnäçe ýurduň arasynda gol çekilen halkara resminamadygyny we elbetde ähli taraplaryň hem oňa boýun bolmalydygyny aýtmak bilen egerde Ýewropa ýurtlary ABŞ-nyň bolmadyk halatynda bu ylalaşygy öňki şekiline getirmegi isleýän bolsalar, ilki bilen ýerine ýetirilmedik borçlaryny ýerine ýetirmeli we sanksiýalary ýatyrmalydyrlar diýip beýan etdi.

harrazi şeýle-de, Ýadro ylalaşygyň çäginde Eýranyň sebitleýyn we raketa çäreleri ýaly gepleşikleri gaýtadan başlmaly diýen käbir amerikalylaryň toslamalaryna gaýtawul görkezip bu şantajyň bir görnüşidir sebäbi ýadro ylalaşygy anyk we kesgitli bir resminama we çarçuwasy düşnükli we Eýranyň sebit we raketa meseleleri bilen hiç hili baglanyşygy ýokdyr diýdi.

Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň başlygy sözüniň dowamynda soňky kyrk ýylyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy ýurduň milli bähbitleri we garaşsyzlygy üçin gepleşik geçirmeýändigini we ähli basyşlara garşy durandygyny görkezendyr diýip yglan etdi.

harrazi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ýewropa ýurtlarynyň bir resminama gol çekendigini, emma borçnamalaryny bozandygyna yşarat edip Amerika halkara şertnamasyndan çekilende, 1500-den gowrak Eýran kompaniýasyna ýa-da şahsyýetine sanksiýa girizdi, bu bolsa Eýrana uly zyýanlary ýetirendir diýdi.

Tags