Jan 15, 2021 16:19 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 83 adam korona keselinden öldi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda anyk keseli bolan 83 hassanyň ölmegi bilen Eýranda koronada ölenleriň sany 56,621-e ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky statistikasy barada gürrüň gozgap Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6 müň 485 täze näsag ýüze çykaryldy we 631 adam keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Sadat Lari, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,318.295-e ýetendigini mälim etmek bilen olardan bir million 107 müň 11 näsag gowulaşdy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýdi.

Resmi maglumatlara görä, “kovid-19” keseli dünýäde azyndan 93 million adama ýokaşdy we bu keselden 2 milliondan gowrak adam öldi.

Koronawirus-19 wirusy 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykdy we gysga wagtda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.