Jan 20, 2021 10:32 Asia/Ashgabat
  • sanksiýalar ýatyrylmasa halkara atom energiýasy agentliginiň Eýranyň ýadro desgalaryny ýakyndan gelip görmegine rugsat berilmez

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy: "Sanksiýalar ýatyrylsa, Eýranyň ýadro desgalary üçin Halkara Atom Energiýasy Guramasyna giriş mümkinçiligi kesiler" -diýdi.

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Mojtaba Zolnuri: "sanksiýalary ýatyrmak baradaky Kanuna laýyklykda we milletiň bähbitlerini üpjün etmek we  goramak boýunça strategiki çäre esasynda, eger ýewropalylar bank we maliýe sanksiýalaryny ýatyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmeseler 21-nji fewrala çenli  Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýranyň ýadro desgalaryna girişi kesiler we Goşmaça teswirnamanyň durmuşa geçirilmegi düýbünden togtadylýar diýip yglan etdi.