Jan 27, 2021 16:01 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy Mahmud waezi ýadro ylalaşygyň işi ýapyldy we onuň asly indi ara alnyp maslahatlaşylmaz diýdi.

Çarşenbe güni "IranPress" bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy Mahmud waezi ABŞ-nyň täze Döwlet sekretarynyň ýadro ylalaşygy baradaky pozisiýasyna jogap hökmünde şeýle diýdi: Eýran öz ýörelgelerine eýerýär we ABŞ-da haýsy hökümetiň häkimiýet başynda bolmagy möhüm däldir.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy şeýle-de, ABŞ-nyň täze Döwlet sekretarynyň wezipesiniň "Donald Trump" administrasiýasynyň isleglerinden tapawutly däldigini aýtmak bilen  ýadro şertnamasy bir gezek ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ylalaşygyň işiniň gaýtadan açylmagy Trump administrasiýasynyň haýyşy boldy, ýöne ýerine ýetirilmedi diýip sözlerine goşdy.

Waezi şeýle-de ýadro ylalaşygyň durmuşa geçirilişi barada-da hem gürrüň gozgap Eýranyň ýadro ylalaşygynyň borçnamalary, P4 + 1 we ABŞ ýadro ylalaşygyň borçnamalaryny ýerine ýetirende doly ýerine ýetiriler diýdi.

Tags