Feb 07, 2021 22:13 Asia/Ashgabat
  • Sanaa howa menziliniň ýapylmagy sebäpli 80,000-den gowrak ýemenli öldi

Sanaa halkara howa menziliniň müdiri, basyp alyjy Saud Arabystany bileleşigi tarapyndan Sanaa howa menziliniň ýapylmagynyň 80 000-den gowrak ýemenliniň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.

Sanaa howa menziliniň müdiri Halid al-Şerif Ýemen halkynyň görgüleri Sanaa howa menziliniň ýapylmagy sebäpli soňky dört ýarym ýylda artdy we halkara jemgyýetçiligi diňe muňa syn edýär diýip nygtady.

Al-Şerif, 450,000-den gowrak hassanyň Ýemeniň gabawy sebäpli dowam edýän saglyk ýagdaýy we uruşyň dowam etmegi sebäpli henizem bejergi almak üçin daşary ýurda gitmelidigini aýtdy.

Sanaa halkara howa menzili Saud Arabystanynyň howa gabawy sebäpli 2016-njy ýyldan bäri ýapykdyr.

Saud Arabystany, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we başga-da birnäçe ýurduň goldawy bilen 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemene harby çozuş edip bu ýurdy gury ýer, deňiz we howadan gabawy astyna alyp gelýändir,bu uruşda 16,000-den gowrak Ýemenli öldürdi we on müňlerçe adam ýaralandy.