Apr 15, 2021 18:48 Asia/Ashgabat
  • Faýsal al-Muqdad: Amerika we Günbataryň

Siriýanyň daşary işler ministri häzirki wagtda Siriýanyň halkynyň Amerika we Günbataryň Damaska ​​garşy sanksiýalarynyň netijesinde kyn ykdysady ýagdaýy başdan geçirýändigini we ýaramaz täsirleriniň bardygyny aýtdy.

Sana habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä; Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Muqdad ABŞ-Günbataryň Siriýa garşy bir taraplaýyn ykdysady gabaw syýasatynyň henizem dowam edýändigini aýtdy.

Al-Muqdad Amerikanyň we Günbataryň Siriýa garşy ykdysady gabawynyň dowam etdirilmegini ýazgarmak bilen halkara jemgyýetçiliginiň häzirki kyn ýagdaýda Siriýanyň halkynyň ýanynda durmalydygyny we ykdysady gabaw syýasatyna garşy durmalydygyny aýtdy.

Çarşenbe güni Siriýanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Siriýadaky jenaýatlaryna yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň halkyna garşy el gatmagynyň we basyp alyşlygyň öwezini dolmaly we Siriýanyň işlerine goşulmagyny derrew bes etmelidir diýip aýtdy.

Tags