Apr 27, 2021 18:50 Asia/Ashgabat
  • Yrak, Eýran, Saud Arabystany, Müsür we Türkiýäniň arasynda ylalaşyk döretmek ugurda tagalla etýär

Yragyň milli howpsuzlyk geňeşçisi, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Müsüriň we Türkiýäniň dört esasy ýurdunyň arasyndaky jedelleriň çözülmegini we düşünişmegiň hasyl bolmagyny sebitiň bähbidine bolýandygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Yragyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Gasim al-Araji sişenbe güni Müsüriň Bagdatdaky ilçisi Walid Muhammet Ysmaýyl bilen duşuşanda sebitdäki dört möhüm ýurduň, diýmek Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Müsüriň we Türkiýäniň arasynda düşünişmegi teklip etmek bilen bu ýurtlaryň arasyndaky düşünişmek sebit üçin örän möhüm we peýdaly bolar, sebäbi sebitdäki ýurtlaryň halklary uruşdan we krizisden ýadadylar we howpsuzlyga, durnuklylyga we ösüşe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar diýdi.

Yragyň milli howpsuzlyk geňeşçisi we Müsüriň ilçisi şeýle-de sebitde has uly dostlugyň we durnuklylygyň möhümdigini, krizisiň ýoklugyny we weýrançylykdan başga hiç zat getirmeýän konfliktleriň ýerine howpsuzlyk, parahatçylyk we gülläp ösüşiň möhümdigini nygtadylar.

Tags