Sep 24, 2021 11:11 Asia/Ashgabat
  • Ýemeniň ýaragly güýçleri: Al-Beýza welaýaty doly azat edildi

Ýemeniň Ýaragly Güýçleriniň metbugat sekretary Al-Beýza welaýatynyň Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň tarapyndan hakyna tutulanlardan doly azat edilendigini aýtdy.

Al-Maýadin teleýaýlymynyň habaryna görä, Ýemeniň ýaragly Güýçleriniň metbugat sekretary yahýa Sari penşenbe güni Ýemeniň goşun güýçleriniň we halyk komitetleriň Al-Suma, Masura şäherlerini we Makirasyň käbir böleklerini azat etmekde üstünlik gazandyklaryny aýtdy.

Ýemeniň Ýaragly Güýçleriniň metbugat sekretary Ýemeniň ýaragly güýçleriniň raketa we pilotsyz zarbalar bilen Al-Beýza welaýatynda DAEŞ we Al-Kaýda terrorçy toparlarynyň pozisiýalaryny nyşana alandygyny aýtdy.

Saud Arabystany, ABŞ, BAE we beýleki birnäçe ýurduň goldawy bilen 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemene harby çozuş edip bu ýurdy gury ýer, deňiz we howadan gabaw gelýändir.

Tags