Oct 12, 2021 16:06 Asia/Ashgabat
  • BMG: 5 million ýemenli açlyk bilen ýüzbe-ýüzdirler

Birleşen Milletler Guramasy 400 müň çaga bilen birlikde bäş million ýemenliniň açlyk howpunda durýandygyny aýdýar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, BMG-nyň Ýemendäki gumanitar meseleler boýunça utgaşdyryjysy Deýwid Grisli Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda Ýemen söweşinden ýedi ýyl töweregi wagt geçensoň, 20 million adamyň ýa-da Ýemeniň üçden iki böleginiň kömege mätäçdigini aýtdy.

Grisli Ýemeniň ykdysadyýetiniň çökendigini, azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlandygyny we harytlary almak kynlaşandygyny aýtdy.

BMG-nyň bu resmisi ýurduň günortasyndaky Ýemen halkynyň ýaramazlaşýan gumanitar ýagdaýyna ünsi çekip, Ýemeniň dünýäniň iň erbet gumanitar krizisine duçar bolandygyny aýtdy.

Saud Arabystany, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki birnäçe ýurduň goldawy bilen 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemene harby çozuşy we gury ýer, deňiz we howa gabawy başlady.