Oct 14, 2021 17:09 Asia/Ashgabat
  • Ziad Nakhaleh: palestinaly tussaglary goldaýarys

Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary palestinaly tussaglary goldaýandygyny aýtdy.

MEA habar sahypasynyň beren habaryna görä, Palestinanyň Yslam Jihad hereketiniň baş sekretary Ziad Nakhaleh çarşenbe güni beren gürrüňlerinde Palestina tussaglaryny goramak üçin hatda söweşe girişmäge taýýardyrys diýmek bilen bu meselede sionist režim bilen hiç hili şertnama baglaşmarys diýdi.

Nakhaleh Sionist türmelerindäki tussaglarymyzy ýatdan çykarmarys we biz olaryň ýanynda durarys we ähli güýjümiz bilen olara goldaw bereris diýdi.

Yslam jyhadynyň metbugat sekretary Taryk Izz al-Din ozal bu hereketiň 150 tussagynyň Ysraýylyň türmelerinde açlyk yglan edendigini aýdypdy.

Sionist türmeler guramasy esasanam alty sany palestinaly tussag Jalboua türmesinden gaçandan soň tussaglara garşy bikanun hereketleri güýçlendirdi we olara agyr jezalary berip başlady.