Nov 13, 2021 17:03 Asia/Ashgabat
  • Aýman al-Safadi: Sebitdäki ähli ýurtlar Eýran bilen gowy gatnaşyk isleýärler

Iordaniýanyň Daşary işler ministri sebitdäki ähli arap ýurtlarynyň Eýran bilen gowy gatnaşyk gurmak isleýändigini aýtdy.

Şenbe güni Fars habar gullugynyň habaryna görä; Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýman al-Safadi öz çykyşynda hoşniýetli goňşuçylyk we ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk esasynda sebit gatnaşyklaryny ýola goýmaga çagyrdy.

Al-Safadi Amanyň Eýran döwleti bilen gönüden-göni gatnaşyklaryny yglan etmek bilen sebitdäki ähli arap ýurtlary, Eýran Yslam Respublikasy bilen gowy gatnaşyklaryň we dürli ugurlarda giňelmegini isleýärler diýdi.

Siriýa barada Aýman al-Safadi öz ýurdunyň Siriýanyň içinde we tutuş sebitde betbagtçylyklara sebäp bolan Siriýa krizisini çözmek üçin işleýändigini aýtdy we Siriýanyň halkynyň görgülerini bes etmek, agzybirligi we jebisligi saklamak hem-de howpsuzlygy we durnuklylygy dikeltmek üçin syýasy çözgüt tapmaga tagalla etýändigini aýtdy.

Tags