Jan 10, 2022 16:33 Asia/Ashgabat
  • ABŞ güýçleri tarapyndan Siriýadan Yraga onlarça nebit tankeri gaçak edildi

Howpsuzlyk çeşmeleriniň habaryna görä ABŞ koalisiýasy Siriýanyň 79 nebit tankerini Yraga iberdi.

Sana habar gullugynyň habaryna görä; Siriýanyň howpsuzlyk çeşmeleri Amerikanyň koalisiýasynyň düýn (ýekşenbe) Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky nebit guýularyndan tanker ýük awtoulaglaryny doldurandygyny habar berdiler.

ABŞ-nyň goşuny tarapyndan Siriýanyň nebitiniň bikanun gaçak edilmegi gaty giň gerimde dowam edýär we her hepde onlarça tankerli ulaglar Siriýanyň milli baýlygyny demirgazyk-gündogar nebit ýataklaryndan Yraga ýa-da ABŞ-nyň Siriýadaky koalisiýa bazalaryna daşaýar.

Bu aralykda, Amerikaly basybalyjylar Siriýadaky kürtleriň demokratik elementleri bilen hyzmatdaşlykda Siriýanyň al-Hasakah welaýatynyň Ramilan nebit ýatagynda nebiti gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna başladylar.

Siriýanyň nebitiniň bikanun gaçak edilmegi we ABŞ-nyň harby güýçleri üçin ulanylmagy bir ýagdaýdadyr welin, Siriýanyň hökümeti we halky ýangyç ýetmezçiliginden ejir çekýändirler we ýük awtoulaglary bolsa ýangyç guýmak üçin käwagt birnäçe sagat garaşýandyrlar.

Tags