Jan 10, 2022 18:06 Asia/Ashgabat
  • Naftali Bennettiň Wena gepleşiklerine gatyşmagy

Habar beriş serişdeleri Sionist režiminiň premýer-ministriniň Wenada Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň tersine gatyşýandygyny habar berdiler.

Sputnik habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Sionist režiminiň premýer-ministri Naftali Bennett duşenbe güni eden çykyşynda bu režimiň Wenada Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak barada hiç hili şertnamany kabul etmejekdigini toslady.

Wena gepleşiklerine alada bildirýän Bennet, Sionist režimiň gepleşikleriň bir bölegi däldigini, şonuň üçinem şertlerine boýun egmejekdigini we hiç hili çäklendirmesiz islendik ýerde we islendik wagt erkin hereket etmek hukugyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Sionist režimiň liderleriniň boş sözleri we gürlemeleri täze däldir we olar eýýäm Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklere, 2015-nji ýylda ýadro ylalaşygy diýlip atlandyrylýan şertnama we şoňa meňzeş meseleleriň ugurynda dürli usullar bilen päsgelçilikleri ulanandyrlar.

Sionist režimi häzirem Wenada sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleri puja çykarmak synanyşygyndan saklanan däldir we bu meselede bikanun talaplaryny ýerine ýetirmek üçin Ýewropa trikasyna basyş etmäge synanyşýandyr.

Bu işleriniň hemmesi bir ýagdaýdadyr welin şu wagtky Wena gepleşikleri gowy ösüşleri gazanyp durandyr.

Tags