Jan 12, 2022 21:59 Asia/Ashgabat
  • Başar al-Assad Eýran bilen Siriýanyň arasynda täze taslamalaryň döredilmegini nygtady

Siriýanyň prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher gurluşygy ministri bilen duşuşygynda, iki ýurduň umumy bähbitlerine hyzmat edýän täze taslamalary döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Siriýanyň habar gullugynyň (SANA) habaryna görä, şu gün (çarşenbe) Damaskda geçirilen duşuşykda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Eýranyň we Siriýanyň umumy bähbitlerine ýetýän we iki ýurduň zähmet we söwda pudaklaryny baglanyşdyrýan täze taslamalaryň döredilmegini möhüm hasapldy.

Bu duşuşykda  Siriýa bilen Eýranyň Bilelikdäki ykdysady komitetine başlyklyk edýän Rostam Gasemi Başar al-Assad bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda, esasanam ykdysady derejede, şeýle hem döwlet we hususy pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary we iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklara täzeçe çemeleşmek maksady bilen bilelikdäki maýa goýumlar gözden geçirildi.

Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Tähranyň Siriýanyň halkynyň ýüzbe-ýüz bolýan terrorçylyk urşuna garşy durmagyny goldaýandygyny nygtamak bilen Tähranyň iki dostlukly ýurduň bähbitlerine hyzmat edýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şu gün (çarşenbe) Rostam Gasemi ýokary derejeli ykdysady we syýasy delegasiýa ýolbaşçylyk edip üç günlük sapar bilen Siriýanyň paýtagty Damaska ​​bardy we bu şäheriň howa menzilinde ony Siriýanyň Ykdysadyýet ministri "Samar Al-Halil" we biziň ýurdumyzyň Siriýadaky ilçisi "Mahdi Sobhani" garşy aldy.

Tags