Jan 19, 2022 13:26 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystan koalisiýasy Sanaany ýaňadan bombalady

Saud Arabystan koalisiýasy uruş uçarlary arkaly sişenbe gije Ýemeniň paýtagty Sanaany ýaňadan bombalady.

Ýemeniň Al-masire tele ýaýlymynyň beren habaryna görä Arabystanyň ýolbaşçylygyndaky Ýemene garşy koalisiýasy uruş uçarlary arkaly azyndan 5 gezek Ýemeniň paýtagtyny bombaladylar.

bu hüjümden soň, Ýemeniň paýtagtynyň birnäçe ýerinde güýçli partlamanyň sesi eşidildi.

bu hüjümi ýetiren zyýanlary we ähtimallaýyn ýitgileri barada maglumat neşir bolmady.