Jan 24, 2022 20:21 Asia/Ashgabat
  • Al-Bagiti: BAE-de maýa goýmagyň gymmaty nola ýeter

Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň ofisiniň agzasy BAE-de maýa goýmagyň gymmaty “nola” ýetjekdigini aýtmak bilen BAE-nyň söweş meýdanyna öwrülendigi sebäpli maýa goýujylara mundan beýläk maýa goýmazlygy maslahat berdi.

Sanaa häkimiýetleriniň Ýemeniň dürli ýerlerinde basyp alýan Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň hüjümleriniň güýçlenmegi sebäpli basyp alyjy režimlere we BAE-ä duýduryş bermeginden soň, habar beriş serişteleri şu gün duşenbe irden BAE-nyň paýtagty Abu-Dabide şeýle hem, Saud Arabystanynyň günortasynda partlamanyň bolandygyny habar berdiler.

Şu gün Ýemeniň raketa zarbalary Abu-Dabi bursynyň 2,2 göterim, Dubaý bursynyň bolsa 0,3 göterim negatiw bolmagyna sebäp boldy.

Duşenbe güni Al-Maýadin kanalynyň beren habaryna görä Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň uly agzasy Muhammet al-Bahiti BAE-nyň agressiw hereketlerinden, esasanam gündogar Ýemendäki hereketlerinden sapak almandyklaryna yşarat edip olar ABŞ-nyň we Ysraýylyň bähbidine laýyk hereket edýär we munuň üçin agyr töleg töleýär diýip sözlerine goşdy.