Apr 10, 2022 17:26 Asia/Ashgabat
  • Palestina Yslam Jihady: Sionist duşman çydam güýjüne garşy durup bilmez

Palestina Yslam Jihad hereketiniň metbugat sekretary Kudusy basyp alyjy režimiň çydam güýjüne garşy durup bilmejekdigini aýtdy.

Şenbe güni, Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Jenin düşelgesine sionist söweşijiniň hüjüminden we palestinalylar bilen basyp alyjy güýçleriň arasynda agyr söweşden soň Ahmad al-Saadi atly bir palestinaly şehit edildi we başga-da 15 palestinaly ýaralandy.

ýekşenbe güni Palestina Yslam Jihady hereketiniň metbugat sekretary Tarik Izz al-Din" Al-Alam" habar gullugyna beren interwýusynda penşenbe güni gije Tel Awiwde bir ýaş palestinalyň operasiýasyna we Sionist goşunynyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky düşelgesine eden hüjümine yşarat edip, basyp alyjy  režim bir wagtyň özünde birnäçe frontda agalyk edip bilmejekdigini gowy bilýändir diýdi.

Palestina Yslam Jihad hereketiniň ýokary derejeli agzasy bu režimiň ömrüniň ahyrynyň golaýdygyny we binýadynyň gowşaklygy sebäpli çydamyň güýjüne çydap bilmejekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Palestina Yslam Jihad hereketiniň metbugat sekretary şeýle-de, käbir ýurtlaryň Tel Awiwdäki şehitlik isleýji operasiýasy baradaky pozisiýasyna jogap edip: Duşmany palestina halkyna garşy agressiýasyny dowam etdirmäge çagyrýan käbir ýurtlaryň sözlerini ýazgarýarys diýdi.

Geçen penşenbe güni gije Tel Awiwiň iň uly köçelerinden biri bolan Dezgenow köçesindäki merkezinde şehitlik operasiýasy üç sionistiň ölmegine we 11 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy bu bolsa basylyp alnan ýerlerde uly howp döredendir.